Aşgabat oýunlary üçin maşklarda 21 ýaşly student wepat boldy

Aşgabat oýunlary üçin maşklarda 21 ýaşly student wepat boldy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň öň ýanynda geçirilen maşklar 21 ýaşly türkmen studentiniň ölümine sebäp boldy. Şeýle-de, repetisiýalaryň biriniň dowamynda basa-baslyk döräp, köp sanly adamyň ejir çekendigi barada berlen maglumatlaryň käbir jikme-jikleri belli boldy. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 26-njy sentýabrda baş repetisiýanyň dowamynda 21 ýaşly student özüni erbet duýupdyr we ýüregi tutup ýogalypdyr. Bu ýigit Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti bolandygy üçin, Aşgabat oýunlaryna görlen taýýarlyklara çekilipdir. Ýogalan ýigidiň okan jaýynyň mugallymynyň aýtmagyna görä, ony stadionda girizilen çäklendirmeler zerarly saglygy ýaramazlaşanda, köp wagtlap daşary çykarylyp bilmändikleri bilen bagly bolmagy ähtimal. “Bu ýapylyşa bir gije-gündiz galanda, ýagny 26-njy sentýabrda boldy. Yssydan we dymyklykdan onuň ýüregi tutdy. Ony, belki-de, halas edip bilerdiler, emma uzak w
Back to Top