Aziýa oýunlary Aşgabatda iki müň raýaty goşmaça awtoduralga töleglerine mejbur etdi

Aziýa oýunlary Aşgabatda iki müň raýaty goşmaça awtoduralga töleglerine mejbur etdi Aşgabatda Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýä V Aziýa oýunlary bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler paýtagtdaky awtoulag eýelerini awtoduralga çalyşmalary sebäpli goşmaça çykdajylara alyp gelse, öz awtoulaglarynda adam daşap, gazanç edýän onlarça raýaty işsiz, gazançsyz goýdy. “Ozaly Aziýa oýunlarynyň golaýlamagy bilen, öz maşynlaryny hususy taksi edip ulanjak adamlara patent bermän başladylar. Bu olaryň işini goýmagyna getirýär. Sebäbi ýol gözegçilik polisiýasy hususy taksileri saklap, patentsizdigini bilse, awtoulag eýesini sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edýär” diýip, aşgabatly taksiçileriň biri Azatlyk radiosyna aýtdy. Emma Aziýa oýunlary diňe patentsiz taksiçileri däl, eýsem ozal patent alan taksi eýelerini hem, awtoulaglary regionlarda hasaba alnan bolsa, işden we gazançdan kesdi, sebäbi olaryň Aşgabada girip işlemeklerini gadagan etdiler diýip, hususy taksiçшleriň ýene biri Azatlygyň habarçysyna gü
Back to Top