Aşgabat 2017: Daşary ýurtly žurnalistleriň her birine iki sany ýolbelet gözegçilik edýär

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dowam etdirilýär. Guramaçylar bu çäräni şöhlelendirmek üçin daşary ýurtly žurnalistleriň ençemesini çagyrdylar, emma soň birnäçesiniň akkreditasiýa rugsadyny elinden aldylar, ýurda barmaga rugsat berlenleri bolsa berk gözegçiliginiň astynda saklaýarlar. Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan žurnalistleriň biri daşary ýurtly žurnalistleriň köpüsine hatda ýaryşlary surata almaga we wideo düşürmäge rugsat berilmeýändigini aýtdy. Günbatarly habar beriş serişdesiniň wekili her bir žurnalistiň ýanynda iki sany syýahatçylyk ýolbelediniň berkidilendigini, olaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlyk komitetinde öz kuratorlarynyň öňünde günde üç gezek hasabat bermelidigini ýaşyrman açyk aýdýandygyny gürrüň berdi. “Meniň ýanymda iki sany gid bar, olar mydama diýen ýaly gapdalymda. Aşgabada baran badymyza bu biziň öňümizde goýlan şertleriň biridi. Men özbaşdak hereket edip bilmeýärin, olar mydama ýanymda bolmaga borçly. Olar özlerine
Back to Top