#Hassalyk #DiriSözler #Türkmençe Wagyz
2 Patyşalar 18:1-7
1. Ysraýyl patyşasy Elanyň ogly Hoşeýanyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýahuda patyşasy Ahazyň ogly Hizkiýa Ýahuda patyşa boldy. 2. Hizkiýa patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Abydy. Ol Zakarýanyň gyzydy. 3. Hizkiýa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 4. Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip at
1 view
835
233
3 years ago 01:01:24 1
Hassalyk barada wagyz 2 | Türkmençe Wagyz | Diri Sözler