Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy ‘protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar

Türkmenistanda çagalar bagynyň töleginiň aşa gymmatlamagy sebäpli Daşoguz şäherinde ene-atalaryň welaýat bilim bölümine garşy gurnan nägilelik ýörişinde, protestçilere “meseläni häkimlik bilen görüşmegi“ maslahat beren töwellaçy magaryf resmisine maşgalasy bilen bilelikde galp aýyplamalar esasynda basyş edilýändigi habar berilýär. Azatlyk Radiosyna maglumat beren Daşoguzyň welaýat bilim bölümindäki bir işgäriň aýtmagyna görä, nägilelik ýörişi bilen edara gelen protestçileriň öňünden çykyp, olary köşeşdirmek üçin, onuň kärdeşi töwella edipdir we “meseläni welaýat bilim bölümi bilen däl-de, şäher häkimligi bilen görüşmegi“ maslahat beripdir. Ondan soň protestçiler Daşoguz şäher häkimligine tarap nägilelik ýörişini dowam etdiripdirler. Onuň aýtmagyna görä, protest bolan güni gije sagat on iki töwereginde, howpsuzlyk işgärleri welaýat bilim bölüminiň şol töwellaçy resmisini öýünden tutup, Daşoguzyň pasport edarasynyň ýanyndaky wagtlaýyn göz astynda tutulýan tussaghana äkidipdirler. Ol çeşme welaýat bilim bölüm
Back to Top