TÜRKMENISTAN IŇ HOWPSUZ ÝURTLARYŇ ILKINJILERINIŇ HATARYNDA ÝER ALDY

Ýakynda Bütindünýä terrorçylyk indeksiniň 2023-nji ýyldaky hasabaty çap edildi. Ondaky maglumatlara görä, dünýädäki iň howpsuz ýurtlara 93-nji ýer berildi. Bu ýurtlarda terrorçylygyň 0 derejesi görkezilýär. Awstraliýanyň Ykdysadyýet we parahatçylyk instituty tarapyndan düzülen hasabatda bellenişi ýaly, 93-nji ýerde, ýagny iň howpsuz ýurtlaryň sanawynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bar. «Bütindünýä terrorçylyk indeksi 2023» 163 ýurtdaky ilatyň 99,7 göterimini öz içine alýar. Hasabatda iň howply ýurtlar sanawyň ilkinji onlugynda ýerleşdirilip gyzyl reňkde, terrorçylygyň hiç hili howpy bolmadyk ýurtlary bolsa, 93-nji ýerde ýerleşdirilip gök reňkde bellendi. #turkmenistan #GLOBAL TERRORISM INDEX 2023 #peace
Back to Top